Hytaýdan talyplar topary Han nesilşalygynyň döwrüne degişli bambuk golýazmasyndaky tekst boýunça tüwini bişirmegiň gadymy usulyny dikeltdi. Şeýle tagam 2 müň ýyldan gowrak wagt ozal taýýarlanypdyr diýip, Interesting Engineering portaly ýazýar. Hunan uniwersitetinden we Pekindäki Hytaý oba hojalygy uniwersitetinden 11 talyp döwlet wekili Wu Ýanyň guburyndan tapylan Han döwrüniň (b.e.öň 202-nji ýyl – b.e. 8-nji ýyly) “Şi Fan” bambuk golýazmasyny öwrendi. Tekstde tüwiniň, towuk çorbasynyň we bugda bişirilen balygyň taýýarlanyş usuly beýan edilipdir diýip, China Daily belleýär. Golýazmada bişirmegiň takyk wagty görkezilmändir. Şonuň üçin talyplar taýýarlanyş usulyny gytaklaýyn alamatlar boýunça dikeltmeli boldy. Taslamanyň ýolbaşçysy, dosent Şi Sziniň bellemegine görä, tagam hakyky bolmalysy ýaly bişmedik bolsa gerek. Topar tüwini bişirmek üçin gadymy gaplardan ýüz öwürdi. Olaryň deregine agaç bug gaplary we häzirem oba ýerlerinde ulanylýan palçyk küýzeleri ulanyldy. Tüwiniň görnüşini saýlamakda hem kynçylyk ýüze çykdy. 2 müň ýylyň içinde tüwi üýtgedi, şonuň üçin hünärmen çagyryldy. 40 müň görnüşden Han döwründe Hunanda ösdürilip ýetişdirilen görnüşe meňzeş ýelmeşmeýän tüwi saýlandy. Ilkibaşda tüwi 30 minut suwa ezildi, soňra suwy dökülip, 20 minut bişirildi. Howada guradylandan soň ýene-de 15 minut buglandy. Şef-aşpeziň aýtmagyna görä, netijede ýumşak, seçelenýän, gowy tagamly we şeker düzümi az bolan tüwi alyndy. Ýuelu akademiýasyndan amerikaly professor Piter Braýan Ditmanson bu usuly TikTok-da öňe sürjekdigini aýtdy. Talyplar golýazma bilen işlemegi dowam etdirip, beýleki tagamlary hem dikeltmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir