Google kompaniýasy film we teleserial önümçiligi boýunça «100 Zeros» atly başlangyjy işe girizdi. Bu barada «Business Insider» neşiri habar berýär. Täze taslama Range Media Partners prodýuserlik kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Bu bölüm Google tarapyndan maliýeleşdirilip bilinjek taslamalary gözlär. Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa bu ugra täze tehnologik önümlerini, şol sanda emeli aň bilen baglanyşykly işläp taýýarlamalaryny giň halk köpçüligine tanatmak üçin mümkinçilik hökmünde garaýar. «Business Insider» neşiriniň bellemegine görä, Google irki tapgyryna gatnaşýan taslamalarynda gahrymanlaryň Android enjamlaryny ulanmagyna garşy däl. Emma bu tebigy we ýerlikli bolmaly, zor bilen girizilen ýaly bolmaly däl. 100 Zeros-yň ilkinji taslamalarynyň biri hökmünde 2024-nji ýylda tomaşaçylara hödürlenen «Cuckoo» atly gorky filmi görkezilýär. Filmiň başdaky titrlerinde 100 Zeros-yň logotipi hem ýerleşdirilipdir. Neşiriň maglumatlaryna görä, Google bu filmleri we teleseriallary ýaýratmak üçin, YouTube platformasyny ulanmagy meýilleşdirmeýär. Kompaniýa bu başlangyjy işe girizendigini heniz resmi taýdan mälim etmedi. Şeýle-de kompaniýa žurnalistleriň beren soraglaryna hem hiç hili jogap bermedi. Ýatlatsak, mart aýynda Apple kompaniýasynyň her ýyl Apple TV+ striming hyzmatyndan bir milliard dollardan gowrak zyýan çekýändigini habar beripdik.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir