Kanadaly «saltycroissant» lakamly owerkloker DDR5 operatiw ýady üçin maglumat geçiriş tizliginde täze dünýä rekordyny goýdy – 12 806 MT/s. Ol 12 800 MT/s çäginden geçen ilkinji adam boldy. Rekord «Corsair Vengeance» modullary we «ASRock Z890 Taichi OCF» enelik platasy bilen gazanyldy. Sowatmak üçin suwuk azot ulanyldy. Ozalky rekord ýady 12 774 MT/s tizlige çenli tizlendiren «bl4ckdot» lakamly owerklokere degişlidi. «Wccftech» neşiriniň habaryna görä, «saltycroissant» diňe bir ozalky netijeden geçmän, eýsem ozalky taýmingleri hem saklady – CL68-127-127-127-2. Bu bolsa tehniki çylşyrymlylygy we netijäniň durnuklylygyny görkezýär. Tizlendirmek üçin «Intel Core Ultra 7 265K» prosessory ulanyldy. Netijeler CPU-Z programmasynda barlanyp, resmi tassyklama üçin HWBot platformasyna ýüklendi. ASRock kompaniýasy hem bu rekord barada X sosial ulgamyndaky resmi hasabynda mälim etdi we özleriniň enelik platasynyň owerklokerler üçin öňdebaryjy çözgüt bolup galýandygyny belledi. Hünärmenleriň pikirine görä, ýakyn wagtda täze rekordlaryň hem bolmagy mümkin. Emma 13 000 MT/s çäginiň geçilmegi üçin, goşmaça tehniki tagallalar gerek bolar. Häzirki wagtda ýokary tizlikli DDR5 operatiw ýadyny öndürýän öňdebaryjy brendleriň hatarynda Corsair, G.Skill we V-Color bar. Olaryň modullary rekord goýmakda gaty köp ulanylýar.