Howpsuzlyk sebäpli Xiaomi öz «SU7 Ultra» elektromobiliniň kuwwatyny başlangyç tapgyrda programma arkaly çäklendiripdi. Emma müşderileriň şikaýatlaryndan soň, kompaniýa bu karary täzeden gözden geçirip, çäklendirmeleri aýyrmaga karar berdi. «CarNewsChina» neşiriniň habaryna görä, zawoddan çykýan «SU7 Ultra» modeli diňe 900 at güýjüni öndürýärdi, emma onuň resmi kuwwaty 1548 at güýji diýip görkezilýärdi. Doly kuwwata ýetmek üçin, ulaglaryň eýeleri Xiaomi tarapyndan tassyklanan ýörite ýaryş ýolunda synag sürüşini geçmelidiler. Bu synag olaryň sürüjilik başarnygyny barlamak üçin ulanylýardy. Şeýle-de ulagyň ýerinden çalt ugrukmagyny üpjün edýän «launch control» ulgamy diňe 60 sekuntlyk garaşmadan soň işjeňleşýär. Bu çäklendirme şäher şertlerinde güýçden howply peýdalanylmagynyň öňüni almak üçin girizildi. Hytaýda «SU7 Ultra» modeliniň bahasy, takmynan, 73 müň dollara deň. Ulagy satyn alan müşderiler onuň ähli tehniki mümkinçilikleri şert goýulmazdan açyk bolar diýip garaşypdyrlar. Olaryň aýtmagyna görä, satyn alnandan soň synagdan geçmek talaby olaryň göwnünden turmandyr we nägilelik döredipdir. Netijede, Xiaomi programma üpjünçiligini täzelemek arkaly bu çäklendirmeleri aýyrdy. Indi «SU7 Ultra» eýeleri üçin doly 1548 at güýji, 350 km/sagat tizligi we ulagyň 0-dan 100 km/sagada 2 sekuntdan hem az wagtda ýetmegi mümkin boldy. Şeýle-de bolsa, öndüriji bu güýçli häsiýetleriň diňe ýörite ýaryş ýollarynda, degişli taýýarlyk we ýörite tekerler bilen ulanylmalydygyny nygtaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir