Täze iPhone 17 Air-iň juda inçejik dizaýny, ähtimal, batareýanyň işleýiş wagtynyň gysgalmagyna sebäp bolar. «The Information» neşiriniň çeşmelerine salgylanyp beren habaryna görä, bu smartfony bir günläp zarýadsyz ulanmak kyn düşer. Şonuň üçin Apple bu model üçin içine goşmaça batareýa ýerleşdirilen ýörite daşlyk çykarmagy meýilleşdirýär. Mundan başga-da, çeşmeler bu enjamda diňe bir ses çykaryjynyň we kameranyň boljakdygyny hem-de SIM karta üçin slotuň bolmajakdygyny aýdýarlar. Apple täze modeliň adaty däl aýratynlyklary sebäpli, uly isleg döredip-döretmejegine entek ynanmaýar. Şonuň üçin kompaniýa iPhone 17 Air-i öndürmek üçin, öz önümçilik kuwwatynyň diňe 10%-ini bölüp beripdir. Täze enjamyň tanyşdyrylyşynyň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda bolmagyna garaşylýar. Apple şol wagt iPhone-yň başga wersiýalaryny hem görkezmegi meýilleşdirýär.