Tokaýlarda saklanýan biomassany takyk ölçemek klimatyň üýtgemegine we uglerod aýlawyna dogry düşünmek üçin örän möhümdir. Şonuň üçin hem Ýewropa kosmos agentligi (ESA) «Biomass» atly täze hemrany uçurdy. ESA bar bolan maglumatlary täze alnan maglumatlar bilen birleşdirip, tokaýlaryň häzirki güne çenli taýýarlanan iň jikme-jik kartasyny hödürledi. Bu karta 2007-2022-nji ýyllar aralygynda dürli hemralar tarapyndan ýygnalan maglumatlara esaslanýar. Ol tokaý örtügini, şeýle-de her gektar başyna näçe tonna biomassanyň düşýändigini görkezýär. Agaçlar ösdügiçe has köp mukdarda uglerody özüne siňdirip saklaýar, bu bolsa howanyň arassalanmagyna ýardam berýär. Emma tokaý ýangynlarynda ýa-da agaçlar köpçülikleýin çapylanda, toplanan uglerod gaýtadan atmosfera goýberilýär. Täze karta alymlara, hökümetlere we guramalara tokaýlary goramakda we klimatyň üýtgemegine garşy çäre görmekde ýardam berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir