Germaniýanyň Bosch kompaniýasy täze nesil elektrowelosiped hereketlendirijisini – «Performance Line CX-R» modelini tanyşdyrdy. Bu enjam çylşyrymly şertlerde sürmegi halaýanlar üçin niýetlenendir. Esasy aýratynlygy – «Race» (Ýaryş) režimidir. Bu režimde hereketlendiriji 750 Wt güýji we 100 N·m torky üpjün edýär. Sürüji dik eňňitlere aňsatlyk bilen çykyp, kyn ýollary ýeňip geçip bilýär. Şeýle hem «eMTB+» režimi bar, ol sürüjiniň pedala basyşyna görä güýji awtomatiki sazlaýar. Ulgamyň sensorlary maglumatlary sekuntda müň gezek analiz edýär, bu bolsa hereketi has tebigy we duýgur edýär. Täze ulgamda «Kiox 400C» displeýi bar. Ol daşky ýagtylyga görä öz ýagtylygyny sazlaýar we ýoluň ýagdaýyna görä degişli maglumatlary görkezýär. Ulanyjy bu displeý arkaly parametrleri göni ruldan dolandyrýar ýa-da ykjam goşundy arkaly üýtgedip bilýär. Täze model 2025-nji ýylyň güýzünde satuwa çykarylar. Köne modelleriň eýeleri hem programma üpjünçiliklerini täzeläp, täze mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler. Bosch bu modelde ýeňil magniý korpusa we ösen sensor ulgamy bilen sport äheňine, tizlige we durnuklylyga üns beripdir. Bu hereketlendiriji indi diňe bir kömekçi däl, eýsem ýol şertlerine uýgunlaşýan akylly hyzmatdaşdyr. Ýatlatsak, ozal polşaly inžener Tomaş Patan «Volonaut Airbike» atly reaktiw hereketlendirijili täze nesil howa ulagyny tanyşdyrypdy.