Google-yň resmi blogunda Android ulgamynyň täze dizaýn konsepsiýasy barada ýazgy peýda boldy. Bu ýazgyda täze ulgamyň nähili boljakdygy görkezilýärdi. Ekran şekillerine görä, täze Android has düşnükli, ýagty, reňkli we aňsat bolar. Bu ýazgy blogdan tiz wagtda pozuldy, emma internetde ýaýrap ýetişdi diýip, «TechCrunch» habar berýär. Android operasion ulgamynyň häzirki dizaýn konsepsiýasy «Material 3» diýlip atlandyrylýar. Täze görnüşiň ady bolsa – «Material 3 Expressive». Google bu täzelenmäni «iň kämil» görnüş diýip atlandyrýar. Maksat – interfeýsi has özüne çekiji we ulanmak üçin has aňsat etmek. Täze dizaýnyň üstünde işlenilýän döwürde, Google ulanyjylaryň interfeýsde haýsy zatlara üns berýändigini, dürli görnüşlere nähili reaksiýa bildirýändigini we täzeliklere çalt uýgunlaşyp-uýgunlaşmaýandygyny öwrenipdir. Mysal üçin, progres görkezijisi (progress bar) bilen baglanyşykly geçirilen synaglarda, haýsy görnüşiň adamlara «garaşmaly wagtyň geçendigini» has çalt duýdurýandygy soralypdyr. Şeýle hem düwmäniň haýsy ölçeginiň, basylanda, has çalt hereket etmäge mümkinçilik berýändigi öwrenilipdir. Geçirilen gözlegleriň netijesinde, Google interfeýsi has amatly we düşnükli etmek üçin täze şekilleri, reňk äheňlerini, elementleriň ululyklaryny we animasiýalary ulanmak kararyna gelipdir. Içki synaglardan syzyp çykan netijelerine görä, «Material 3 Expressive» dizaýn konsepsiýasyna geçilensoň, ulanyjylar interfeýsiň esasy elementlerini tapmak üçin öňküsinden dört esse az wagt sarp edipdirler. Şeýle-de 45 ýaşdan uly ulanyjylar bu işi ýaşlar bilen deň derejede çalt ýerine ýetiripdir. Täze «Material 3 Expressive» dizaýnynyň Google tarapyndan maý aýynda geçiriljek Google I/O konferensiýasynda resmi ýagdaýda görkezilmegine garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir