Huawei Şençžende emeli aň üçin çip öndürjek uly zawodyň gurluşygyna başlady. Kompaniýa daşarky üpjün edijilerden garaşsyz bolmagy we öz EA çözgütleriniň önümçilik prosesini gözegçilikde saklamagy maksat edinýär. Financial Times-yň habar bermegine görä, zawod 7-nm çipleri, şol sanda Kirin prosessorlaryny we Ascend EA çiplerini çykarar. Ol önümçiligi çaltlaşdyrmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin Pengxinwei (PXW) we Shenzhen Pensun (PST) ýaly beýleki hyzmatdaş kärhanalaryň golaýynda ýerleşer. Zawodyň işi bilen hyzmatdaş kompaniýalar SiCarrier we SwaySure meşgullanar. Huawei başlangyç maliýe serişdelerini berer hem-de dolandyryjy we tehniki işgärler bilen üpjün eder. Taslama ýerli häkimiýetler tarapyndan bölekleýin goldawa eýe bolýar. Hususy önümçiligi ýola goýmak çözgüdi Hytaýda iň uly çip öndürijileriň biri bolan SMIC-iň Ascend çipleri üçin köp sanly sargytlara ýetişip bilmezligi bilen baglanyşyklydyr. Huawei ähli işi öz eline alyp, hususy EA çipleriniň önümçiligini çaltlaşdyrmak isleýär. Täze zawodyň eýýäm geljek ýyl işläp başlamagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir