Jeýms Kemeron Çarlz Pellegrinonyň «Hirosimanyň ruhlary» (Ghosts of Hiroshima) romanyny ekranlaşdyrmak isleýär. Bu barada režissýor «Deadline» neşirine gürrüň berdi. Režissýor «Awatar» tamamlanansoň, surata düşüriş işlerine başlamagy meýilleşdirýär. "Awataryň" üçünji bölümini 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda çykarmak meýilleşdirilýär. Kemeronyň öňünde heniz ýene iki bölüm bar, režissýor olary öňümizdäki bäş-alty ýylyň dowamynda tamamlamagy wada berdi. «Hirosimanyň ruhlary» 1997-nji ýyldaky «Titanik» filminden soň režissýoryň «Awatar» äleminden daşgary ilkinji taslamasy bolar. Kemeron «Ruhlary» ömrüniň soňky 15 ýylynyň eseri diýip atlandyrdy we ekranlaşdyrmasynyň «uly möçberli we barlyşyksyz kino» boljakdygyny aýtdy. Pellegrinonyň kitaby ABŞ-da 5-nji awgustda, 1945-nji ýylda atom bombasynyň atylmagynyň 80 ýyllygyna gabat getirilip, neşir ediler. Kitapdaky käbir wakalar hakyky durmuşa esaslanýar, ol Hirosimadaky atom partlamasyndan aman galan we soňra Nagasakä gitmek üçin otly bilen ýola çykan, soň bolsa şol şäherdäki ikinji atom hüjüminden hem diri galan Tsutomu Ýamaguçiniň başdan geçirenlerini gürrüň berýär. Kemeron bilen Pellegrino Ýamaguçi bilen duşuşanlarynda, «onuň özboluşly we elhenç tejribesini geljek nesillere ýetirmegi» özlerine borç edinipdirler. «Bu tema barada kino düşürmegi köp ýyllardan bäri isleýädim, şeýle-de nädip düşürmeli diýip, özüm bilen göreşýädim. Tsutomu Ýamaguçi bilen onuň ýogalmagyndan birnäçe gün öň tanyşdym. Ol hassahanada ýatyrdy. Ol özüniň şahsy hekaýasynyň estafetasyny bize tabşyrýardy we men mundan ýöz öwrüp bilemokdym. Men muny hökman etmeli» — diýip, Kemeron «Deadline» neşirine gürrüň berdi.