Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky we Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerini bellemek hakynda Permanlara gol çekdi. Degişli resminamalar metbugatda çap edildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Annamuhammedowiç Işangulyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir