27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul edýändigine şatdygyny aýtdy. Ahalteke bedewleri dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary şu ýylyň ýanwarynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlik gazandy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda jenap Žoel Buzu Türkmenistan bilen sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýdyp, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Myhman bu saparyň örän netijeli geçendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary, hususan-da, sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtady.