Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi. Forum YHG-nyň agza döwletleriniň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak üçin gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy durnukly ösüşi gazanmak maksady bilen, söwda, maýa goýumlar, “ýaşyl” ykdysadyýet, innowasiýalar, sanlylaşdyrmak, energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy we ulag pudaklarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçiliklere eýedir. "Biziň ýurdumyz sebitde amala aşyrylýan energetika, ulag, söwda-ykdysady taslamalary işjeň durmuşa geçirýär. Dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar we maliýe institutlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu bolsa sebitde durnukly we gülläp ösýän geljegi üpjün etmekde örän möhümdir. Şundan ugur alyp, biz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýäris. Şoňa görä-de, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda öňegidişligi çaltlandyrmak üçin adam maýasy we ykdysady serişdeler, innowasion çözgütler arkaly sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek wajyp wezipe bolup durýar" diýip, döwlet Baştutany belleýär. Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi häzirki wagtda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy strategiýasy bolup çykyş edýär we biz ony üstünlikli durmuşa geçirýäris. "Biz milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, makroykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, senagaty, oba hojalygyny, ulag-logistika ulgamyny innowasion esasda yzygiderli ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Bu maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi Durnukly ösüş maksatlary boýunça ep-esli öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berdi" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi. Gutlagynyň ahyrynda döwlet Baştutany forumyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini gazanmakda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine, innowasiýalary we öňdebaryjy tejribäni alyşmakda möhüm meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir