27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döwlet Baştutany toplumyň çäginde baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Dabaranyň barşynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirilip, olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler. Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle-de geçen hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezdientine ajaýyp haly sowgat berildi.