2025-nji ýylyň Şanhaý awtosalonynda täze AUDI brendiniň ilkinji köpçülikleýin elektromobili görkezildi. Täze brendiň ady indi baş harplar bilen ýazylýar we adaty dört halkaly logotipden aýryldy. Täze E5 Sportback – bu 5 metrlik uniwersal. Ol ýiti we adaty däl dizaýny bilen tapawutlanýar: öňünde we yzynda yşyklandyrylan paneller, uly yzky spoýler we kuzowa salnan gapy tutarlary. Awtomobiliň salony 27 dýuýmlyk displeý bilen üpjün edildi. Salon alkantara bilen bezeldi, ýagtylandyryş bolsa sürüjiniň şähdine ýa-da saýlanan sürüş režimine baglylykda üýtgeýär. Funksiýalary emeli aňa esaslanýan ses kömekçisiniň kömegi bilen dolandyrmak bolýar. Howpsuzlyk üçin E5 Sportback 30 töweregi datçik we lidar bilen enjamlaşdyryldy. Adaptiw kruiz-dolandyryş ýolyşyklary görýär, päsgelçiliklerden aýlanyp geçýär we çagalary, welosipedçileri hem üç tigirli ulag serişdelerini tapawutlandyrýar. Awtomatik duralga ulgamy adaty awtoulag duralgalaryny ýatda saklaýar. Elektromobil 299-dan 787 at güýjüne çenli kuwwatly enjamlar bilen hödürlenýär. Iň güýçli wersiýa 3,4 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyrýar. 800 woltlyk batareýanyň bir zarýadynda E5 Sportback 770 km çenli ýol geçýär. Satuw 2025-nji ýylyň tomsunda başlar.