Nissan kompaniýasy 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli Hytaýyň Uhan şäherindäki zawodynda awtoulag öndürmegi bes etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýagdaýdan habarly çeşmeler Reuters habarlar gullugyna habar berdiler. Şeýle karara gelinmeginiň sebäbi ýylda 300 müň awtoulag öndürmek üçin niýetlenen zawodyň iş ýüküniň azalmagy bilen bagly boldy. Zawod Ariya elektrik krossowerini we X-Trail wnedorožnigini öndürýär. Emma 2022-nji ýylda işe başlany bäri önümçilik 10 müň awtoulagdan geçmedi. Hytaý awtoulag öndürijileriniň güýçli bäsdeşligi ýapon kompaniýasynyň ýagdaýyna ep-esli basyş etdi. Nissan Uhan şäherindäki önümçilik desgalaryny Dongfeng Motor-dan kärendesine alýar. Nissan-dan önümçilik hataryny ýapmak meýilnamasy barada entek resmi teswir gelmedi. Ondan öň kompaniýa rekord maliýe ýitgilerini çekýändigini habar beripdi. Nissan 31-nji martda tamamlanan maliýe ýylynyň jemi boýunça 700 milliarddan 750 milliard ýen aralygynda (takmynan 4,87 - 5,22 milliard dollar) ýitgi çekdi. Bu ýitgiler kompaniýanyň paýnamalarynyň gymmatynyň gaçmagy bilen baglanyşykly.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir