Eýranly režissýor Asgar Farhadi "Parallel wakalar" atly täze filmini surata düşürer. Film Fransiýanyň öňdebaryjy aktýorlarynyň gatnaşmagynda Parižde düşüriler diýip, Variety habar berýär. Taslamada Wensan Kassel (“Gara guw”, “Suw astynda” (“Черный лебедь”, “Под водой”), Izabel Ýupper (“Ýalanyň gujagynda”, “8 zenan” (“В объятиях лжи”, “8 женщин”), Katrin Denew (“Täze wesýet”, “Indokitaý” (“Новейший завет”, “Индокитай”), Wiržini Efira (“Diňe sen we men”, “Höwes” (“Только ты и я”, “Искушение”) we Pýer Nine (“Graf Monte-Kristo”, “Gara guty” (“Граф Монте-Кристо”, “Черный ящик”) ýaly kino ýyldyzlary çykyş eder. Sýužetiň jikme-jiklikleri we aktýorlaryň ýerine ýetirjek keşpleri entek açylmady. "Paralel wakalar" Farhadiniň soňky 12 ýylda fransuz dilindäki ilkinji taslamasy bolar. Filme Aleksandr Malle-Gaý, Asgar Farhadiniň özi we Dewid Lewin prodýusserlik ederler. Film güýzde surata düşürilip başlar. Filmiň 2026-njy ýylyň ýazynda prokata çykmagyna garaşylýar. Filmiň önümçiligi bilen Memnto Productions, Lucky Red, Panache Productions, La Compagnie Cinematographique we Anonymous Content kompaniýalary meşgullanar. Asgar Farhadi Berlin film festiwalynyň “Altyn aýysynyň” eýesi (2011) we “Daşary ýurt dilindäki iň oňat film” nominasiýasy boýunça iki gezek (2012, 2017) Oskar baýragyna mynasyp boldy. Režissýor “Nader bilen Siminiň aýrylyşmagy” (“Развод Надера и Симин”), “Elliniň başdan geçireni” (“История Элли”,), “Kommiwoýažer”, “Geçmişiň çoçgarlary” (“Лабиринты прошлого”) we “Gahryman” (“Герой”) ýaly filmleri bilen tanalýar.