Türkmenistanda Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň tertibiniň taslamasy işlenip düzüldi. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 25-nji aprelde Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi. Bellenilişi ýaly, resminama “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler, pudak edaralary hem-de welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Serdar Berdimuhamedow senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmegiň wajyp bolup durýandygyny nygtap, önümçilik desgalaryny howpsuz ulanmak, senagat howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek we önümçilik barlagyny guramak maksady bilen, degişli resminama gol çekdi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.