Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýat atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň ýetginjek we uly ýaşly çapyksuwarlarynyň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Nobatdaky at çapyşyklaryna, adatdakylardan tapawutlylykda, diňe bir Murgap jülgesinden däl, eýsem, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan atşynaslar, seýisler, çapyksuwarlar gatnaşdylar. At çapyşygy jemi ýedi çapuwdan ybarat boldy. Birinji çapuwda ýetginjek çapyksuwarlar üçýaşar atlary bilen bir müň metr aralyga ýaryşdylar. Bu çapuwda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Mary welaýat gümrükhanasynyň Goçýigit diýen dor aty bilen ýaryşa goşulan M.Guwanjow pellehana birinji bolup gelmegi başardy (1 minut 3,5 sekunt). Ikinji çapyşyk üçýaşar atlaryň arasynda, ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Bu ýaryşa on at gatnaşdyryldy. Ýüwrük bedewler 1200 metr aralyga bäsleşdiler. Bu ýaryşda S.Süleýmanowyň seýislän Demirdon atly gara dor atyny üçünji derejeli çapyksuwar Ý.Saparow çapdy. Demirdon bellenilen aralygy 1 minut 20,5 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup geldi. Üçünji çapyşyk hem üçýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralyga geçirildi. Onda Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Myradym diýen dor atyna taý tapylmady. Bu bedewi ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy. K.Japarowyň seýislän atynyň görkezen wagty 1 minut 17,2 sekunda deň boldy. Dördünji çapyşyga dört we ulyýaşar bedewleriň onusy goşulyp, olar 1400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu ýaryşda hem Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Garahanjar atly aty öňdeligi elden bermedi. K.Japarowyň seýislän bu atyny ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy. Garahanjar bellenilen aralygy 1 minut 33,5 sekuntda geçmegi başardy. Bäşinji çapyşyga gatnaşdyrylan dört we uluýaşar atlar hem 1400 metr aralyga çapdylar. Bu ýaryşda Baýramaly şäher häkimliginiň Ýantar diýen dor atyna taý tapylmady. K.Garýagdyýewiň seýislän bu atyny G.Ýazberdiýew çapdy. Ýantar bellenilen aralygy 1 minut 37,47 sekuntda geçmegiň hötdesinden geldi. Altynjy çapyşykda goşulan dört we uluýaşar atlar 1400 metr aralyga goýberildi. Bu ýaryşa goşulanlar hormatly Prezidentimiziň pul baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýelsona atly dor gysragyna ýaryşda ýeňiji bolmak miýesser etdi. Ýelsonany seýislän M.Agamyradowdyr. Ony B.Agamyradow çapdy. Pellehana öňürti gelen Ýelsona bellenilen menzili 1 minut 31,2 sekuntda geçip, öz janköýerlerini begendirdi. Ýedinji çapyşyga halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Ýaryş başlanmazyndan öň, halypalaryň arasynda kimiň haýsy aty çapmalydygy bije atylyp kesgitlendi. Ata-baba gelýän atşynaslyk däbine görä, hormatly ýaşuly ýaglygyny bulap, çapyşyga badalga berdi. Ýaryşa goşulan atlar 1000 metr aralyga çapdylar. Çekeleşikli geçen bu ýaryşda halypa çapyksuwar Gaýgysyz Handurdyýewiň bijesinden çykan Döwletli diýen at beýleki bedewlere per bermän, ilkinji bolup pellehanadan geçmegi başardy we hormatly Prezidentimiziň adyndan goýlan baş baýraga — «Toyota» kysymly awtoulaga mynasyp boldy. Döwletliniň görkezen wagty 1 minut 3,5 sekunda deň boldy. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ýeňiji bolan çapyksuwar M.Guwanjowa kompýuter, ussat çapyksuwarlaryň arasynda ýeňiş gazanan B.Agamyradowa hormatly Prezidentimiziň 50 müň manat pul baýragy, halypa çapyksuwarlaryň arasynda ýeňiji bolan Gaýgysyz Handurdyýewe bolsa hormatly Prezidentimiziň adyndan goýlan baş baýrak — «Toyota» kysymly awtoulag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.