Amazon kompaniýasynyň emeli hemra arkaly internet ulgamyny döretmek ugrunda işe girizen iri taslamasy bolan Project Kuiper agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Içerki çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa 2026-njy ýylyň tomsuna çenli uçurylmaly 1600 hemranyň bary-ýogy onlarçasyny öndüripdir. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär. Eger-de bellenen senä çenli ähli hemralar orbita çykarylmasa, Amazon kompaniýasy ABŞ-nyň aragatnaşyk boýunça Federal komissiýasynyň (FCC) ygtyýarnamasyny ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Önümçilik tehnologiýa bilen bagly kynçylyklar we käbir komponentleriň ýetmezçiligi sebäpli haýallapdyr. Häzirki wagtda günde öndürilmeli bäş hemranyň deregine, bary-ýogy bir sany hemra öndürilýär. Mesele diňe önümçilik bilen çäklenmeýär. Ilkinji hemralaryň uçurylmagy eýýäm bir aý yza süýşürildi. Indi Amazon meýilleşdirilen maksatlara ýetmek üçin, her hepde bir ýa-da iki sany raketa uçurmaly. Emma häzirki depginden çen tutsaň, bu mümkin däl ýaly. Bu ýagdaý bolsa ygtyýarnamanyň ýitirilmek howpuny döredýär. Kemçilikleriň öwezini dolmak maksady bilen, kompaniýa gije-gündiz iş usulyna geçdi, dynç günleri ýatyryldy we FCC tarapyndan ýeňillikleriň berilmegine umyt baglanylýar. Esasan-da, Ilon Maskyň täsirine we ABŞ-nyň täze hökümetiniň näbelli kararlaryna baglylykda, Project Kuiper-iň geljegi häzirlikçe sorag astynda galýar.