Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan Redmi Turbo 4 Pro smartfonyny tanyşdyrdy. Ol subflagmanlar üçin niýetlenen Snapdragon 8s Gen4 prosessory bilen enjamlaşdyrylan ilkinji model hökmünde çykyş edýär. Smartfon 6,83 dýuýmlyk IPS ekran bilen üpjün edilen, onuň durulygy 1,5K, täzeleniş ýygylygy 120 Gs, iň ýokary ýagtylygy bolsa 3200 nit. Gapdal çarçuwasy alýuminden (awiasiýa derejesindäki) ýasalan, enjamyň galyňlygy 7,98 mm. IP66/68/69 derejesinde tozana, suwa garşy goralan. Arka paneli aýna, esasy kamerasy 50 MP we 8 MP datçiklerden ybarat, olaryň ýanynda güýjüni sazlap bolýan yşyklandyryş ulgamy bar. 7550 mA·sag sygymly batareýasy 90 Wt simli tiz zarýad bermäge, şeýle-de 22,5 Wt simli tersine başga enjama zarýad bermäge ukyply. Şeýle hem enjamda infragyzyl (IR) sensor, NFC çipi we stereodinamikalar bar. Täze model bäş dürli ýat bilen hödürlenýär. Ilkinji alyjylar üçin bahasy 2000 ýuandan başlanýar – bu hem 255 dollara barabar (12/256 GB). Emma döwletiň subsidiýasy bilen bu baha 215 dollara çenli aşaklaýar. Subsidiýasyz beýleki görnüşleriň bahasy: 16/256 GB — 290 dollar, 12/512 GB — 320 dollar, 16/512 GB — 345 dollar, 16 GB/1 TB — 380 dollar.