Nissan kompaniýasy Şanhaýdaky awtosergide ilkinji plagin-gibrid pikaby bolan «Frontier Pro-ny» tanyşdyrdy. Adynyň tanyşdygyna garamazdan, bu model adaty «Nissan Frontier-den» düýpgöter tapawutlanýar. Täze pikabyň dizaýny Nissan-yň Şanhaýdaky dizaýn studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Onuň öň tarapyndaky LED çyralary aýratynlykda ýerleşdirilen moduly bilen tapawutlanýar. Şeýle-de islege görä, ýük bölüminiň gapagynyň elektrikli dolandyryşy hem hödürlenýär. Ölçegleri boýunça «Frontier Pro PHEV» amerikan «D41 Frontier-den» uludyr: uzynlygy – 5520 mm, ini – 1960 mm, beýikligi – 1950 mm, teker bazasy – 3300 mm, agramy – 2500-den 2540 kg çenli, tekerleri – 18 dýuým, şinalary 265/65. Güýç ulgamynda 1,5 litrlik benzinli turbomotor we transmissiýa ornaşdyrylan elektromotor bar. Olar bilelikde 300 kWt (402 at güýji) kuwwaty we 800 N·m torky üpjün edýär. Hytaýyň CLTC standartyna görä, diňe elektrik energiýasy bilen 135 km ýol geçýär. Asma ulgamy öňdäki garaşsyz goşa ryçagy, yzda bolsa bäş ryçagly ulgamy öz içine alýar. Şeýle hem elektromehaniki blokirleme funksiýasy bolan yzky differensialy, 4High we 4Low tertipleri, şeýle hem ýöreýiş üçin ýörite programmalary bar: Performance, Snow, Hybrid we Pure Electric. Salony gara we sary reňklerde bezelen. Merkezde 14,6 dýuýmlyk taçskrin (sensor ekran) ýerleşdirilen, sürüjiniň öňünde bolsa 10 dýuýmlyk sanly panel bar. Goşmaça töleg bilen öňdäki oturgyçlar sowadyjy, gyzdyryjy we massaž funksiýalary bilen hödürlenýär. Gyzykly tarapy, bu ulag diňe Hytaý üçin niýetlenen däldir. Nissan kompaniýasy «Frontier Pro PHEV» modelini ABŞ-dan galan birnäçe bazarda hem satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.