Dünýä Oýlanýan, oýlan mydam oýlanýan.Emma, welin bu uly dünýä hiç düşünüp bilemok ne üçin beýlekä. Näçe ýakynam bolsa ýollar, ýürekler. Şonda-da men adamlara düşünip bilemok. Näçe söýsemde men ýakynlarymy. Mydam özümi ýeke duýýan dünýade. Adamlaram edil açylan güldek. Emma gowy adamlar solmaýarlar ähli güldek. Adama mydam ýyly çörekdek gerek eken ýyly söz hem dünýäde. Bir gün giç bolar, aýdylmadyk sözler kalbyňda aglar. Ony hem bilmez hiç bir ynsan. Şonda belki düşünersiň sen dünýä hem. Dünýä-de ynsandek ýaşar bir zaman. Olam adamdek öter bir zaman. Diňe adama berlendir iki ömür. Birisi ölsede ölmez ikinji. Munda kylan amalyňdek ýaşarsyň sen ol ýerde. Allahym towa bersin bu dünýäde. Alladan daş düşüp sen. Har bolar sen ol dünýäde. Bu dünýa akar suw ýaly. Ýuwan gutylar burda kalbyny. Günäli utylar, har bolar. Burde hem orda. Ynan durmuşa, Alla Belki sen hem şat bolarsyň. Burda hem orda Durmuş suw ýaly aksada. Bir gün kesiler bolar çöl ýaly. Çölde ýeke galmaz sen. Meger unutmasan Allany. Batyr Şabasanow “Dünýä” goşgysy. Aşgabat 2011 ýyl.

Köneler, BATYRAVALON tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir