Netflix «Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň resmi tizer-treýlerini çykardy. Baş keşbi Jenna Ortega tarapyndan ýerine ýetirilýän serial şu tomus gaýdyp geler. Bölümleriň bir bölegi 6-njy awgustda, galany bolsa 3-nji sentýabrda görkezilip başlanar. Ortegadan başga-da aktýorlar düzüminde Ketrin Zeta-Jons, Kristofer Lloýd, Stiw Buşemi, Tandiwe Nýuton, Billi Paýper we Ledi Gaga hem bar. Režissýory bolsa Tim Býorton. «Uensdeý» serialy «Addams maşgalasynyň» spin-offydyr. Serial ilkinji gezek 2022-nji ýylda görkezildi we Netflix-iň taryhyndaky iň meşhur taslamalaryň biri boldy.