SpaceX-iň ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Makgregor şäherindäki synag meýdançasynda Raptor 3 hereketlendirijisiniň wakuumly görnüşi ilkinji gezek görüldi. Onuň daşalyşy baradaky wideo NasaSpaceFlight kanaly tarapyndan paýlaşyldy, olaryň kamerasy desganyň içinde ýerleşdirilen eken. Geçen ýylyň tomsunda, SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask atmosferaly Raptor 3 hereketlendirijisiniň ilkinji seriýaly görnüşini tanyşdyrypdy. Bu hereketlendirijiler Starship ulgamynyň birinji basgançagy bolan Super Heavy göteriji raketasynda ulanylýar. Şeýle-de bu hereketlendirijileriň üçüsi Starship kosmos gämisiniň merkezine ýerleşdirilýär. Häzir bolsa üns täze görnüşe – wakuumly Raptor 3 hereketlendirijisine gönükdirildi. Wideodan görnüşi ýaly, hereketlendiriji synag stendine getirildi. Ähtimal, ol ýangyn bilen bagly synaglara taýýarlanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir