Nintendo ýapon kompaniýasy 23-nji aprelde beren beýannamasynda täze çykjak Switch 2 oýun konsoly üçin garaşylmadyk derejede köp mukdarda deslapky sargyt alandygyny mälim etdi. Bu barada «Reuters» neşiri habar berýär. Diňe Ýaponiýanyň özünde, öňünden sargyt etmek mümkinçiligi berilýän lotereýa gatnaşmak üçin, 2,2 million adam ýüz tutdy. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu derejede uly isleg olaryň öndürijilik mümkinçiliklerinden ýokary. Enjamlaryň resmi taýdan satuwynyň başlanjak güni bolan 5-nji iýuna çenli beýle mukdarda enjamlary taýýarlamak mümkin bolmaz. Şonuň bilen baglylykda, Nintendo-nyň paýnamalarynyň bahasy 5% ýokarlandy. Täze konsolyň ýapon dilindäki nusgasy 350 dollar bolar, beýleki dillerdäki wersiýasy bolsa, takmynan, 500 dollardan satylar. Diňe Ýaponiýadaky 2,2 million öňünden sargyt, 2017-nji ýylda Switch 1 ilkinji gezek satuwa çykarylanda, dünýä boýunça satylan 2,7 million konsol bilen deň diýen ýalydyr. Şondan bäri, Switch 1 konsolynyň 150 milliondan gowrak nusgasy satyldy. Jefferies kompaniýasynyň analitigi Atul Goýala görä, Nintendo önümçiligini artdyrmaga synanyşar, emma ilkinji tapgyrda bazara çykaryljak enjamlaryň sany islegi kanagatlandyryp bilmez. «Bu san garaşylandan has ýokary. Bu bolsa Switch 2 diňe bir satuwa çykarylan güni doly satylyp gutarmaz, eýsem ony birnäçe aýlap tapmak hem kyn bolar diýen manyny berýär» — diýip, Kantan Games konsalting kompaniýasynyň esaslandyryjysy Serkan Toto belleýär.