24-nji aprelde Samarkantda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy geçirildi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Permanyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwdada, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen hormat-sarpa — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandygy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan bu çäräniň taryhy ähmiýetini nygtady. Dabarada çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly döwletiň Baştutany Kongres merkeziniň Hormatly myhmanlar seýilgähinde iki ýurduň doganlyk halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň we dostlugynyň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir