Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy ilkinji gezek emeli aňy “Oskar” baýragyna filmleri saýlamagyň düzgünlerinde agzap geçdi. Täze düzgünlere laýyklykda, emeli aňyň ulanylmagy nominasiýa üçin böwet bolmaz, ýöne eminler adamyň filmi döretmäge goşan goşandynyň näderejede ähmiýetlidigine baha berer diýip, The Verge habar berýär. Akademiýanyň resmi beýanynda şeýle diýilýär: “Generatiw emeli aň we beýleki sanly gurallar dalaşgär bolmak ähtimallygyny ýokarlandyrmaýar we peseltmeýär. Bu ýerde adamyň döredijilik işine nähili goşant goşandygy esasy ähmiýete eýedir”. Ilkibaşda Akademiýa EA-nyň ulanylyşy barada jikme-jik maglumat berilmegini isläpdi, ýöne ahyrynda talaplary gowşatmak kararyna geldi. Bu çözgüt geçen ýyl kinoda tehnologiýalaryň gözegçiliksiz ulanylmagyna garşy çykyş eden ssenariçileriň we aktýorlaryň nägileliklerine jogap boldy. Mundan başga-da, Akademiýa täze düzgünleri girizdi: emin agzalary diňe kategoriýadaky ähli filmlere tomaşa edenlerinden soň, finalda ses berip biler. Ýöne The New York Times gatnaşyjylaryň goşmaça subutnamasyz diňe tomaşa edendigini tassyklamagynyň ýeterlikdigini belleýär. Bilermenleriň pikiriçe, bu üýtgeşmeler Akademiýanyň kino pudagynda tehnologiýalaryň ösüşine uýgunlaşmak synanyşygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, filmleri döretmekde esasy rol adama galmaly.