GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy Şanhaý awtosalonynda Toyota bZ7 elektrik sedanynyň köpçülikleýin wersiýasyny hödürledi. Awtomobil ýylyň ahyrynda satuwa çykar. Ulag Huawei-niň HarmonyOS operasion ulgamyna eýe boldy. bZ7 konsepti ilkinji gezek 2024-nji ýylda Guançžoudaky awtosalonda görkezildi. Häzirki wersiýa bolsa köpçülikleýin önümçilige taýýar. Toyota bZ7 giňeldilen sürüjä kömek funksiýalaryny (ADAS) üpjün edýän lidar bilen enjamlaşdyryldy. bZ7-niň Huawei-den HarmonyOS operasion ulgamyny ulanýandygy üçin, awtomobil Huawei ADS awtonom dolandyryş tehnologiýasyny hem ulanyp biler diýlip çak edilýär. Ýagny, Huawei diňe bir interfeýse däl-de, eýsem “akylly” dolandyryş funksiýalaryna-da jogap berip biler. Ulagyň yzky böleginiň dizaýny birleşdirilen yzky çyralary, beýik ýerleşdirilen stop-signallary we anti-ganaty öz içine alýar. Konsept bilen deňeşdirilende, sanly kameralar adaty aýnalar bilen çalşyrylypdyr hem-de fiziki gapy tutarlary goşulypdyr. Ulagyň güýç enjamy barada häzirlikçe maglumat ýok.