2025-nji ýylyň birinji çärýeginde amerikaly Tesla elektromobil öndürijisi 409 million dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 71% azdyr. Kompaniýanyň umumy girdejisi 9% peselip, 19,34 milliard dollar boldy. Tesla-nyň maliýe hasabatyna görä, awtoulag satuwlaryndan gelen girdeji 20% azaldy we 14 milliard dollar boldy. Tesla bu pese gaçyşy Şanhaý, Berlin, Frimont (Kaliforniýa) we Ostin (Tehas) şäherlerindäki zawodlaryndaky önümçilik hatarlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen düşündirýär. Şeýle hem kompaniýa, islegi ýokarlandyrmak maksady bilen, elektromobilleriň ortaça bahalarynyň peseldilendigini hem belläp geçdi. «Awtoulag we energetika bazarlaryndaky näbellilik artmagyny dowam edýär, sebäbi çalt üýtgeýän söwda syýasaty Tesla-nyň we hyzmatdaşlarymyzyň global üpjünçilik zynjyryna hem-de çykdajy gurluşyna ýaramaz täsir edýär» — diýip, kompaniýa ýazýar. «CNBC-niň» berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň başyndan bäri, Tesla-nyň paýnamalarynyň bahasy 41% aşaklady, bu bolsa 2022-nji ýyldan bäri iň ýaramaz çärýeklik pese gaçyş boldy. «The Guardian» gazetine görä, maliýe kynçylyklary sebäpli, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask maý aýyndan başlap, ABŞ-nyň Hökümet netijeliliginiň departamentini (DOGE) dolandyrmak üçin sarp edýän wagtyny azaltjakdygyny aýtdy. Amerikaly işewür hökümetiň maliýe ulgamyny kadalaşdyrmak boýunça etmeli işleriniň, umuman, ýerine ýetirilendigini aýtdy. Mundan ozal, ABŞ-nyň sekiz ştatynyň gazna ýolbaşçylary Tesla-nyň ýolbaşçylaryny kompaniýanyň içerki meselelerine ýeterlik üns bermeýändikleri sebäpli tankytlapdylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir