Xiaomi kompaniýasy täze arzan bahaly Redmi Watch Move akylly sagadyny tanyşdyrdy. Enjam 1,85 dýuýmlyk AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylyp, onuň çözgüdi 390×450 piksel, ýagtylygy bolsa 600 nite çenli ýetýär. Ekrany Always-On Display funksiýasyny goldaýar. Sagat HyperOS operasion ulgamynda işleýär we 300 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen. Enjam bir gezeklik zarýad bilen 14 güne çenli işleýär. Enjamyň agyrlygy remensiz 25 gram. Dolandyryş üçin sanly tigirjik ulanylýar. Sagat ýürek urgusyny, uky ýagdaýyny, gandaky kislorodyň derejesini, stres derejesini we aýallaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli yzarlap bilýär. Enjamda 140-dan gowrak sport tertibi bar, olaryň 7-si awtomatiki usulda tanalýar. Şeýle hem Bluetooth arkaly jaňlaşmak, telefon arkaly aýdym-sazy we kamerany dolandyrmak, IP68 derejesinde suwa garşy gorag we 200-den gowrak sanly sagat ýüzüni saýlamak mümkinçiligi bar. Häzirki wagtda Redmi Watch Move diňe Hindistanda satuwa çykaryldy. Bahasy 1999 rupiýa (takmynan, 24 dollar).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir