23-nji aprelde Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisinde Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Soňra Russiýadan, Özbegistandan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Moldowadan, Efiopiýadan hem-de Pakistandan wekiller oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň orny barada sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Forumyň barşynda ekologik ulgamlara täsirleriň ýokarlanmagy we howanyň üýtgemegi şertlerinde oba hojalygynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň ýörelgeleri, tehnologiýalary we çemeleşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen oba hojalyk instituty bu pudak boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim edarasy we ylmy merkezi bolmak bilen, oba hojalygynyň ösmegine we bu pudak üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna işjeň goldaw berýär.