Angliýanyň Blekuoter derýasynyň guýýan ýerinde, Moldon şäheriniň golaýynda ýerleşýän hususy Osi adasy satuwa çykaryldy. Onuň bahasy – 33 million dollar. Bu ada şou-biznes ýyldyzlary tarapyndan ýygy-ýygydan albom ýazmak, wideoklip düşürmek we toý dabaralaryny geçirmek üçin ulanylýar diýip, «BBC» ýazýar. «Fine and Country» emläk agentligine görä, bu ada uly gyzyklanma döredýär. Mysal üçin, meşhur repçi Stormzy şu ýerde «This Is What I Mean» atly albomynyň üstünde işläpdir. «Eýýäm birnäçe teklip aldyk, hatda olaryň käbiri goýlan bahadan hem ýokary» — diýip, agentligiň wekili Saýmon Pelling aýtdy. Bu adany 2012-nji ýylda çykan «Gara eşikli aýal» (The Woman in Black) atly filmde hem görmek bolýar. Şeýle hem bu ýeri aýdymçy Rianna we aýdymçy Olli Mýors ýaly meşhurlar kärendesine alyp ulanypdyr. Hatda Olli Mýors toýuny hem şu ýerde geçiripdir. «Ada häzirkisi ýaly, çäre meýdançasy ýa-da ýokary derejeli kärende emlägi hökmünde ulanjak operatorlaryň eline geçer diýip pikir edýäris» — diýip, Pelling aýtdy. Tutýan meýdany 1,5 inedördül kilometr bolan ada Londonyň golaýynda ýerleşýär. Ol esasan-da tolkunlaryň möwjeýän döwründe, gözel tebigat bilen başa-baş galmak isleýänler üçin iň gowy pursatlary hödürleýär.