Ýewropa kosmos agentligi (ESA) geljekde astronawtlar üçin iýmiti göni orbitada ýa-da Aýda hem-de Marsda ösdürip ýetişdirmegi maksat edinýän synagy ýola goýdy. Taslamada belok, ýag, protein we süýüm ýetişdirmek göz öňünde tutulýar diýip, «BBC» ýazýar. Ösdürip ýetişdiriljek komponentleriň esasynda astronawtlar üçin lezzetli we özlerine öňden mälim bolan naharlary taýýarlamak mümkin bolar diýlip garaşylýar. Eger-de synag üstünlikli bolsa, olaryň iýmit üpjünçiligi has arzan bolar. Häzirki wagtda bir astronawtyň bir günlük iýmiti 26 müň dollara düşýär. Agentlik NASA we SpaceX bilen bilelikde, genetikasy modifisirlenen hamyrmaýa öýjükleri ýerleşdirilen emeli hemrany orbita ugratdy. Enjam Ýere dolanyp gelensoň, alymlar bu öýjükleri derňärler, soň bolsa esasy iýmitlik komponentleri ösdürip ýetişdirip biljek bioreaktory taýýarlap, ony 2026-njy ýylda kosmosa ugradarlar. Taslama gatnaşyjylaryň biri bolan Frontier Space kompaniýasynyň baş direktory Akil Şamsulyň sözlerine görä, kosmosda nahar taýýarlamak ilkinji nobatda beloga baý pýure ýaly ýönekeý tagamlardan başlap biler. Geljekde bolsa, eger 3D-printer ulanylsa, hatda orbitada steýk hem taýýarlamak mümkin bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir