2025-nji ýylyň mart aýynda dünýäde ýeňil we ýeňil täjirçilik maksatly awtoulaglaryň satuwy 8,57 million birlige ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6% köpdür. Bu barada «GlobalData-nyň» gözlegine salgylanyp, «Just Auto» habar berýär. Birinji çärýekde tas 22 million sany awtoulag satyldy – bu hem 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6% köpdür. Hytaý öňdäki ornuny pugtalandyryp, 2,39 million sany (+11,3%) awtoulag satdy. ABŞ 1,61 million sany awtoulag satyp (+11,2%), ikinji orunda ýerleşdi. Günbatar Ýewropada ösüş pes boldy – 1,46 million awtoulag (+0,6%), Gündogar Ýewropada bolsa satuwlar pese gaçdy: satuwlar 12,5% azalyp, 359 müň awtoulag boldy. Beýleki bazarlaryň arasynda Ýaponiýa 495 müň (+10,9%), Kanada 183 müň (+15,4%) we Günorta Koreýa bolsa 147 müň (+1,9%) awtoulag bilen tapawutlandy. Günorta Amerika bolsa 14,2% ösüş bilen geň galdyrdy, ol ýerde 229 müň awtoulag satyldy. Bazarlaryň ýagdaýy durnuksyzlygyny dowam etdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir