Şanhaýdaky halkara awtosergide BMW kompaniýasy «3 Series» modeliniň 50 ýyllygyna bagyşlanan, çäkli nusgada çykarylan wersiýasyny görkezdi. Ondan 2500 sanysy öndüriler we olaryň ählisi diňe Hytaý bazary üçin niýetlenendir. Bahalary komplektasiýasyna görä 344,9 müňden 359,9 müň ýuana çenli (47,1 müňden 49,2 müň dollara çenli) üýtgeýär. Awtoulag deňsiz-taýsyz kuzow reňkleri bilen tapawutlanýar – ýalpyldamaýan (mat) çal we Thunder Violet. Bu reňkler ozal diňe BMW Individual maksatnamasy arkaly elýeterli bolupdy. Ulag täze 19 dýuýmlyk diskler bilen enjamlaşdyryldy. Ilkinji gezek Hytaý bazary üçin taýýarlanan wersiýanyň oturgyçlarynda, rulynda we gapylarynda alkantara bezegler ulanyldy. Salondaky aýratynlyklaryň arasynda ruldaky gyzyl bellik, «50 Years» ýazgyly uglerod süýümli detallar we ýubileý logotipleri (oturgyçlaryň başynda we karobkanyň selektorynda) bar. Awtoulagy 2,0 litrlik benzinli turbomotor herekete getirýär, ol sekiz basgançakly ZF awtomatiki karobka bilen işleýär. Yzky tigirlerden we ähli tekerlerden herekete getirilýän görnüşleri bar. Şeýle hem ýerli bazaryň aýratynlyklaryna laýyklykda, üýtgedilen elektrikli «i3» wersiýasy hödürlenýär. Multimediýa ulgamy BMW OS ulgamynda işleýär we «nol derejeli» interfeýs bilen üpjün edilen – ulanyjy ähli funksiýalara gönüden-göni, menýulardan geçmän girip bilýär. Şeýle-de ulagda buýruk sözlerini aýtmazdan işjeňleşýän sesli kömekçi bar.