23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparyny tamamlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherine ugrady diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Samarkandyň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşy aldy. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn duşuşyklary, şeýle hem medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.