23-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, assosiasiýanyň agzalary, ýurdumyzdan we daşary döwletlerden atşynaslar gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär. Mejlisiň gün tertibine assosiasiýa tarapyndan alnyp barlan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak, assosiasiýa täze agzalary kabul etmek hem-de beýleki guramaçylyk meseleleri girizildi. Mejlisiň barşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, Türkmenistanyň at gazanan atşynaslary, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina Ýakob, ABŞ-nyň «Garagum ahalteke» atçylyk hojalygynyň başlygy Jessika Eýle Keýt, Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledo, Fransiýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Eloiza Žirardy sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Şeýle hem mejlisde sanly ulgam arkaly çykyş eden daşary ýurtly wekiller «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem olar öz ýurtlarynda geçirilýän sirk festiwallarynda bu toparyň wekilleriniň çykyşlaryna tomaşa etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýtdylar. Mejlisde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň indiki mejlisiniň geçiriljek wagty we ýeri bilen bagly meselä hem seredilip, bu boýunça degişli çözgüt kabul edildi.