Ak tam NASA-nyň «Mars Sample Return» (Marsdan nusga getirmek) maksatnamasyna maliýe goldawynyň ýatyrylmagyny teklip etdi. Bu maksatnama Marsdan ýygnalan toprak nusgalarynyň Ýere getirilmegini maksat edinýärdi. Çykdajylaryň artmagy we gijikmeler sebäpli kabul edilen karar bu ugurda öňdeligi Hytaýa berýär. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär. ABŞ-nyň öz maksatnamasyny ýatyrýan mahaly, Hytaýyň «Týanwen-3» missiýasynyň 2028-nji ýylda uçurylmagy we takmynan, 600 gram mars topragyny 2031-nji ýylda Ýere getirmegi meýilleşdirilýär. «Mars Sample Return» maksatnamasynyň ýatyrylmagy alymlarda uly alada döredýär. Sebäbi, «Perseverance» mars roweriniň ýygnan nusgalary Marsyň geologiýasy we onuň üstünde ýaşaýşyň ozal bolup-bolmandygy barada juda gymmatly maglumatlary berip bilerdi. Olaryň getirilmeginiň gijikmegi ylmy barlaglaryň haýallamagyna sebäp bolup biler. Şeýle-de bu karar taslamada NASA bilen bilelikde iş alyp barýan Ýewropa kosmos agentliginiň (ESA) hyzmatdaşlygyny hem sorag astyna alýar. Ak tamyň karary ABŞ-nyň kosmos syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň üýtgändigini, şeýle hem Hytaýyň kosmos giňişligini öwrenmekdäki täsiriniň barha artýandygyny görkezýär. ABŞ-nyň býujet taýdan kynçylyk çekýän döwründe, Hytaý Marsdan toprak getirmek we taýkonawtlary Aýa ugratmak ýaly maksatnamalaryny batyrgaý dowam etdirýär. Bilermenleriň pikirine görä, ABŞ-nyň bu taslamadan el çekmegi onuň halkara hyzmatdaşlarynda ynamsyzlyk döretmek bilen bir hatarda, kosmosdaky öňdebaryjy ornuny hem gowşadyp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir