Günorta Koreýaly Kosmos startapy öňdäki tigiri spitsasyz bolan F5 model elektrowelosipedini hödürledi. Elektrowelosipediň agramy 22 kilogram, ony bary-ýogy 10 sekundyň dowamynda aňsatlyk bilen ikä epläp, ýygnap bolýar. Bu aýratynlyk welosipedi saklamagy we daşamagy aňsatlaşdyrýar. Bu barada «New Atlas» neşiri habar berýär. Startapyň wekiliniň sözlerine görä, tigirde spitsalaryň bolmazlygy onuň agramyny hem-de howa garşylygyny azaldýar. Munuň netijesinde, welosiped has akgynly hereket edýär. Model 750 wattlyk hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan we tizligi sagatda 32 kilometre çenli ýetýär. Welosipediň gurluşynda tizligi ýuwaşlyk bilen üýtgetmäge mümkinçilik berýän merkezi geçiriji ulgam bar. Welosiped deşilmelere garşy berk goragly tigirler, öňde V görnüşli tormoz, yzda disk tormozy, şeýle-de rulynda ýerli displeý bilen üpjün edilen. Kosmos F5 üçin öňünden sargytlar eýýäm açyldy. Häzirki wagtda onuň bahasy 1500 dollar, emma resmi satuw başlanansoň, bahasy 3500 dollara çenli ýokarlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir