JAC Motors bilen Volkswagen-iň bilelikdäki Volkswagen Anhui kärhanasy Hytaýda täze «Yuzhong 06» kupe-krossowerini, ýagny «ID. Unyx 06» atly täze modelini resmi taýdan hödürledi diýip, «ITHome» portaly habar berýär. «Volkswagen ID. Unyx 06» dört görnüşde hödürlenýär: Pure, Pro, Ultra we Max. Bahalary 189 müň 900 ýuandan başlap 249 müň 900 ýuana çenli (takmynan, 26013 – 34233 dollar aralygynda) üýtgeýär. Satuwyň ilkinji tapgyrynda çäkli awtoulaglar ýörite bahadan — 149 müň 900 ýuandan (takmynan, 20534 dollardan) hödürlener. ID. Unyx 06-nyň dizaýn aýratynlyklarynyň arasynda öň tarapynda ýerleşýän inçe LED yşyk zolagy hem-de bölekleýin gizlenýän gapy tutawaçlary bar. Awtoulagyň ölçegleri – 4663×1860×1610 mm, teker bazasy bolsa – 2766 mm. Görnüşine baglylykda, «ID. Unyx 06» 20 ýa-da 21 dýuýmlyk tigirler bilen enjamlaşdyrylýar. Täze «Dusk Blue» atly gök kuzow reňki we ýalpyldamaýan (mat) goşmaça örtük hem müşderilere hödürlenýär. Salonynda 15 dýuýmlyk ekran bar. Onuň bilen oýun oýnamak, 3D-awatar döretmek, hatda yslary hem sazlamak mümkin. Gymmat görnüşlerinde «Harman Kardon» ses ulgamy we matrisa görnüşli faralar bar. Ulagyň bort elektronikasy «Volkswagen ID.S 5.4» operasion ulgamy bilen işleýär. «ID. Unyx 06» bir ýa-da iki elektrik hereketlendirijili bolup biler. Bir hereketlendirijili görnüşi 170 kWt (231 at güýji), iki hereketlendirijili görnüşinde bolsa öňdäki hereketlendiriji 80 kWt (108 at güýji), yzky bolsa 170 kWt güýç öndürýär. Esasy görnüşi bolan Pure modeli 53,6 kWt·sag sygymly litýi-demir-fosfat (LFP) batareýa bilen enjamlaşdyrylan. Pro, Ultra we Max görnüşleri bolsa has uly – 80,2 kWt·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilýär. CLTC aýlawyna laýyklykda, olar bir gezeklik zarýad bilen, degişlilikde, 426 km we 614 km ýol geçýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir