Land Rover 2010-2012-nji ýyllar aralygynda öndürilen Range Rover L322 üçin multimediýa ulgamyny täzeledi. Bu ulag indi Apple CarPlay-i we Android Auto-ny goldaýar. Täzelenme Land Rover Classic bölümi tarapyndan taýýarlandy. Wnedorožnik özboluşly içki stilini saklady: ekran, düwmeler we interfeýs modeliň nusgawy gözelligi bilen sazlaşyp gelýän “wintaž” dizaýnynda ýasaldy. Täze ulgam enjamlary simsiz birikdirmäge, USB ulanmaga, akymly aýdym diňlemäge, kartalary we ses dolandyryşyny ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu täzelenme Land Rover-iň täze strategiýasynyň bir bölegidir. Kompaniýa diňe bir nusgawy awtoulaglary dikeltmek bilen çäklenmän, özboluşly stilini we aslyna laýyklygyny saklamak bilen bir hatarda olary döwrebaplaşdyrmaga hem çalyşýar. Bu çemeleşme Range Rover L322-iň eýelerine ulagyň ajaýyp dizaýnyny pida etmezden, täze tehnologiýalardan lezzet almaga mümkinçilik berýär.