Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy 2035-nji ýyla çenli wodorod bilen işleýän nol zyňyndyly ýolagçy uçaryny çykarmak meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär. Taslama 2020-nji ýylda hödürlenipdi. Şol döwürde kompaniýanyň başlygy Giýom Fori awiasiýa pudagynda ekologiýa taýdan arassa energiýa geçilişine ýolbaşçylyk etmek isleýändigini mälim edipdi. Airbus 15 ýylyň içinde üç görnüşli wodorod bilen işleýän uçary ösdürer diýlip garaşylýardy. Uçarlaryň iň ulusy 200-e çenli ýolagçyny daşap, 3700 kilometre çenli aralygy uçup geçmelidi. Kompaniýa dünýäniň onlarça awiakompaniýalarynda we 200-den gowrak howa menzilinde synag geçirdi. Taslama 1,7 milliard ýewro, esasan kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna çykdajy çykaryldy. Airbus korporasiýanyň iň uly paýdary bolan Fransuz hökümetinden goşmaça goldaw aldy. Işläp taýýarlamalaryň netijesinde wodorod ýangyjyna geçmekligiň uçaryň gurluşynda-da, howa menziliniň infrastrukturasynda-da garaşylyşyndan has çuňňur üýtgeşmeleri talap edýändigi belli boldy. "Biz wagtyndan öň mamla bolmak nädogry bolar diýen netijä geldik" - diýip, Giýom Fori taslamany togtatmak baradaky karara teswir berdi. Airbus bu pikirden doly ýüz öwürmedi, ýöne taslamanyň amala aşyrylmaly möhleti indi näbelli bolup galdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir