Google Photos surata düşüreniňden soň adaty suratlary Ultra HDR formatyna çenli kämilleşdirýän täze funksiýany işe girizdi. Bu funksiýa ýagtylygy we reňkleriň doýgunlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Funksiýa 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda peýda boldy, ýöne häzire çenli işjeňleşdirilmedi. Ulanyjy @greyishere onuň indi Google Photos-da elýeterlidigini habar berdi. Täzelenme 7.24.0.747539053 programma wersiýasynda elýeterlidir. Ol adaty surat bilen HDR wersiýany bir faýla birleşdirip, hatda köne gurluşlarda-da ýiti reňkli suratyň saklanmagyny üpjün edýär. Funksiý Google Photos redaktorynyň “Korrektirlemek” bölüminde ýerleşýär. Ulanyjylar häzirki “HDR effekti” Ultra HDR bilen çalşyp, onuň güýjüni sazlap biler. HDR-displeýlerde suratlar has ýagty we janly görünýär. Ultra HDR formaty diňe ýagtylyk baradaky maglumatlary saklaýar, şonuň üçin faýlyň göwrümi az bolýar, hil bolsa ýokary bolup galýar. Bu hem doly HDR faýlyny saklamak zerurlygy bolmazdan doýgun suratlary döretmäge mümkinçilik berýär. Täzelenme ýuwaş-ýuwaşdan serwer arkaly ýaýradylýar, şonuň üçin käbir ulanyjylarda funksiýa birneme giç peýda bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir