Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň tälimçisi Rejepdurdy Nursähedowiç Garagulowa; Balkan welaýatyndan hususy atşynas Täçmyrat Tekäýewe; «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Daşoguz döwlet athanasynyň atbakary Teçdurdy Täjibaýewiç Halbaýewe; «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň çapyksuwary Gaýgysyz Baýramgeldiýewiç Handurdyýewe. Bellenilişi ýaly, bu resminama bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda we ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir