Kanadanyň günorta-günbataryndaky Alberta welaýatynyň Uoterton-Leýks milli seýilgähinde kebelekleriň aýrybaşgalaşan topary tapyldy. Olar täze görnüş - Satyrium curiosolus hökmünde ykrar edildi. Alberta uniwersitetiniň Kristian Şmidtiň we Jon Spensiň ýolbaşçylygyndaky entomologlary ilki bu kebelekleri Satyrium semiluna görnüşine degişli edipdiler. Emma genetiki derňew olaryň 40 müň ýyl töweregi ozal kowumdaşlaryndan aýrybaşgalaşandygyny we şondan bäri beýleki populýasiýa bilen aragatnaşyk saklamaýandygyny görkezdi. Iki görnüşiň arasynda iýmitlenişde düýpli tapawutlar bar: S. curiosolus kümüşsöw lýupinli (Lupinus argenteus) bilen düzlükleri halaýar, S. semiluna bolsa ýüpek lupinli (Lupinus sericeus) sähralyklarda ýaşaýar. S.curiosolus populýasiýasy 500 töweregi baş bolup, genetiki dürlüligi pesdir, bu bolsa görnüşi aşa ejiz edýär. Açyşyň netijeleri ZooKeys žurnalynda çap edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir