Martda geljekki ylmy gözlegler üçin gyzykly bolup biljek syrly girdap tapyldy. Orbitadan alnan planetanyň üstüniň suraty şweýsar peýnirini ýada salýan köp deşikli ýeri görkezýär. Bu deşikleriň üsti bilen kömürturşy gazyndan ybarat buzuň aşagyndaky Marsyň gara üstüni görmek bolýar. Ýöne suratyň ýokarky sag burçundaky bir girdap NASA-nyň alymlarynyň aýratyn ünsüni çekdi. Onuň diametri 100 metr töweregi bolup, ol çuňlugy we töweregindäki tegelek krater bilen tapawutlanýar. Esasy çaklama görä, ol meteoritiň urgusy netijesinde emele gelen bolmaly. NASA-nyň hünärmenleri bu girdabyň ýerasty gowaga giriş bolup biljekdigi baradaky pikiri hem inkär etmeýär. Şeýle gowaklar planetanyň üstündäki aşa şertlerden, ýagny tozandan, sowukdan goragly bolup, bolup biljek ýaşaýyş alamatlaryny saklap biler. Şeýle girdaplar hem awtomatik, hem adamyň gatnaşmagy bilen geljekki missiýalar üçin esasy maksat hasaplanýar. Bu gowaklaryň öwrenilmegi Marsyň geologiýasyna we onuň ýaşaýyş mümkinçiligine düşünmekde möhüm orun eýeläp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir