Hytaýyň Raýat awiasiýasynyň baş müdirligi (CAAC) AG600M “Kunlun” raýat suw uçaryny tassyklady. Ol dünýädäki iň uly amfibiýa uçary hasaplanýar. Işläp taýýarlama Hytaýyň AVIC korporasiýasy tarapyndan amala aşyryldy. Ulag serişdesiniň görnüşi tassyklanylandan soň uçar resmi taýdan ulanyşa girizildi. AG600M iki ýyl synagdan geçdi. Bu döwürde uçaryň birnäçe prototipi 2000-den gowrak uçuş etdi. 10 müňden gowrak görkezijileri barlandy. Uçuşyň umumy wagty 3560 sagat boldy. Işläp düzüjileriň berýän maglumatlaryna görä, bu Hytaýyň awiasiýa pudagy üçin rekord. Taslama milli ähmiýete eýe boldy. Ony döretmäge ýurduň 292 kärhanasy we 16 uniwersiteti gatnaşdy. AG600M 12 tonna çenli suwy daşamaga ukyply. Onuň iň uzak uçuş aralygy 4500 kilometre barabardyr. Uçar ýangyna garşy göreşmek, halas ediş işlerini we beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir