Sibir federal uniwersitetiniň (SFU) arheologlary Krasnoýarsk ülkesiniň A.I.Kytmanow adyndaky Ýeniseýsk muzeýiniň kolleksiýalaryny öwrenip, Mongol imperiýasynyň güllän döwri bolan XIII-XIV asyrlara degişli artefaktlary tapdy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär. SFU-nyň Ýeniseýsk Sibir arheologiýa barlaghanasynyň uly ylmy işgäri we muzeýiň ylmy işgäri Kseniýa Birýulewanyň aýtmagyna görä, tapyndylar muzeýe baryp 1960-njy ýyllarda getirildi we şondan bäri ammarlarda saklandy. “Biziň ilkinji gezek bu predmetleri ylmy nukdaýnazardan öwrenmek mümkinçiligimiz boldy. Olar XX asyryň 60-njy ýyllaryndan bäri ammarlarda saklanypdy. Gadymy Sibir şäheri Ýeniseýskiň töwereginde gurluşyk wagty uçly oklar we özboluşly Y şekilli naýza buldozer bilen gazylyp alyndy” – diýip, Birýulewa gürrüň berdi. Hünärmenler artefaktlaryň kremirlenen adamyň küli bilen bilelikde tapylandygyny belleýär. Metal böleklerde köýük yzlary, ýagny metal güýçli gyzyp, okislenmä sezewar bolan ýagdaýynda emele gelýän gabyk bar. Predmetlerden ugur alsaň, jaýlama Lesosibirsk medeniýetiniň giçki döwrüne degişli bolmaly. Birýulewa şeýle tapyndylaryň Krasnoýarsk ülkesi üçin örän seýrekdigini belleýär.