22-nji aprelde Aşgabat wagty bilen 20:00 töweregi G1 derejeli magnit tupany başlar. Ertesi gün onuň kuwwaty G2 derejesine çenli güýçlener. Muny Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň saýtynda ýerleşdirilen shema delillendirýär. Ozal alymlar magnit tupanlarynyň üç güne çenli dowam edip biljekdigini habar beripdi. Hünärmenler 19-njy aprelde duşenbe güni agşam tolgunmalaryň başlajakdygyny we olaryň iki gün dowam etjekdigini çaklady. Şol bir wagtyň özünde, üç günlük täsiriň boljakdygy hem göz öňünde tutuldy. 20-nji aprelde Gün astronomiýasynyň barlaghanasy çaklamany täzeledi. Magnit tupanlarynyň ýokary derejesi duşenbe gününden sişenbe gününe geçdi. Tupanlaryň derejesiniň gowşakdan ortaça çenli bolmagyna garaşylýar. Magnit tupanlary Gün alawlamalary sebäpli Ýeriň magnit meýdanynyň güýçli tolgunmalarydyr. Olar birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli dowam edip bilýär. Olaryň derejesi bolsa G1-den G5-e, ýagny gowşakdan has güýçlä çenlidir.